Owganystanyň gündogarynda, Pakistan serhedine ýakyn Jalalabad şäheriniň golaýynda 6 ball güýjünde bolan ýer titremesinde ýüzlerçe adamyň ölendigi habar berildi.
“Talyban” häkimiýetleri azyndan 800 adamyň ölendigini we 2500 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Nangaharyň Darah Nur etrabynda ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna ýarygijeden öň bolan ýer titremesinden soň, sarsgynlaryň şindi hem duýulýandygyny aýtdylar.
"Bize keselhanada ýatan ýaralylary bejermek üçin çadyrlar we gyssagly kömek gerek" diýip, Şad Nur Mazlýomýar aýtdy.
"Bizde azyk ýok, hemme zat ýykyldy, öýlerimiz, enjamlarymyz we aşhanalarymyz weýran boldy. Hiç zat galmady” diýip, ol aýtdy.