Hökümetiň gaýtalaýan 'ösüş sanlary' adamlaryň gaharyny getirýär

Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow mejlis gecirvqr. Arhiw suraty

Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçiren mejlisi, Ministrler kabinetiniň agzalarynyň şu ýylyň sekiz aýynda edilen işler boýunça beren hasabatlary, ýyllar boýy gaýtalanýan ýokary ösüş sanlary ilat arasynda ýiti tankydy reaksiýa döretdi, adamlar öz pikirlerini özara pikir alyşmalarda aýdýarlar diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.

Habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, resmileriň berýän ösüş sanlary, hemişe bolşy ýaly, ýokary bolmagynda galýar, emma ilat durmuşynyň iň möhüm bölegi - minimal satyn alyjylyk ukyby ýanwar-awgust aýlarynda görlüp-eşidilmedik derejede pese gaçdy.

Ýasaýjylar hökümet mejlisinde getirilýän ösüş sanlarynyň durmuş hakykatyna düýpden gabat gelmeýändigini aýdýarlar. Bu pikiri öň Azatlyk bilen anonimlik şertinde ýa atlaryny aýdyp söhbetdeş bolan synçylar, ykdysatçylar hem kän aýdypdy.

Dünýäde iň bir ýapyk we repressiw ýurtlaryň biri hasaplanýan Türkmenistanda çap edilýän ösüş sanlaryny garaşsyz ýagdaýda barlap, resmilerden açyk we anyk düşündiriş almak mümkinçiligi ýok.

"Önüm sebediniň bahasy ortaça aýlykdan, pensiýada ýokary..."

Bazardaky azyk önümleriniň, has hem gök-bakja, miwe önümleriniň bahalary hat-da häzirki bol hasylly bolmaly tomus möwsüminde hem yzygiderli ýokarlanýar. Senagat önümleri, hojalyk himiýa serişdeleri soňky aýlarda iki belgili göterimde artyp ugrady. Ýagny, ýaşaýyş üçin gerek bolan minimal azyk önüm sebediniň bahasy awgust aýyna gelip, ýurtdaky ortaça aýlygyň ýa pensiýanyň möçberinde, has ýokary bolup durýar diýip, ýaşaýjylar aýdýar.

Degişli maglumat Ahalda meýletin işden gitmäge çalyşýan mehanizatorlar mejbury işde saklanýar


“Göz öňüne getiriň: tutuş bir aýlygyň ýa pensiýaň iň bir ýönekeý, minimal derejedäki bir aýlyk azyk sebedine (towuk eti, ýumurtga, kartoşka, sogan, pomidor, alma garpyz, gawun, çörek, makaron, çaý we ş.m.) ýetenok. Ýöne bu agyr ýagdaýa ne Serdar, ne-de kakasy Gurbanguly Berdimuhamedow, ne-de prezidentiň aýal dogany Oguljahan Atabaýewa resmi derejede reaksiýa bildirýär” diýip, aşgabatly býujet işgäri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzir birnäçe çaga aňyrda dursun, ýekeje çagany mekdebe taýýarlamak köp maşgala başartmaýar, netijede, ilat köpçüligi bialaç tanyş-bilişleriniň çagalaryndan galan mekdep lybasyny, depder-ruçkalaryny almaly bolýar.

“Dogrusyny aýtsak, Türkmenistanda iş ýüzünde ilatyň hakyky durmuş ýagdaýlaryna gabat gelýän syýasat-da, statistika-da ýok" diýip, aşgabatly söhbetdeşimiz aýtdy.

Habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan sebit ýaşaýjylary, şol sanda oba ýaşaýjylary, geçen 8 aýyň dowamynda durmuş ýagdaýynyň has hem agyrlaşandygyny, oba hojalygyndaky ýer-suw, korrupsiýa, tehniki-ykdysady, infrastruktura meseleleriniň onýyllyklaryň dowamynda, boýun alynmazlygy, çözülmezligi netijesinde, “tas dolulygyna degradasiýa gelendigini” tassykladylar.

Amyderýanyň kenarynda ekin suwaryp bilemizok

"Amyderýanyň bol suwly kenarynda ýaşaýandygymyza garamazdan, ekerançylyk ýerlerimize suw tutup bilemizok, hojalyklardaky mellekler barada aýtmasa hem bolar" diýip, halaçly daýhan Sapar aga gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, halk tarapyndan saýlanan däl-de, prezident tarapyndan bellenilýän, işlemeli etrabynyň ilatyna, ykdysadyýetine, hojalyk meselelerine düýbünden ‘düşünmeýän’ häkimleriň, emeldarlaryň etraplaryň, şäherçeleriň we çetki obalaryň ýaşaýjylarynyň bähbidine bir gowy iş etjegine halkda hiç bir umyt galmady.

"Aşgabatdan iberilýän emeldarlar ýaşaýjylary kabul etmekden ýüz öwürýärler, etrapda ýyllar boýy çözülmän gelýän zeý suw akabalaryny gazmak, suwaryş ýaplaryny, aryklary gazmak, suwy tygşytly ulanmak maksady bilen aryklary turba geçirmek ýa-da beton ýaplaryny gurmak, suw sorýan we akabalara iberýän nasoslary yzygiderli bejermek, täzelemek, daýhanlaryň dökün, tehnika işlerine wagtynda seretmek, etrap merkezi bilen obalaryň arasyndaky ýollary asfaltlamak, awtobuslaryň gatnawyny talaba laýyk ýola goýmak ýaly meseleler ne häkimiýetleriň, ne-de ilata "internetde ýurdumyzy masgaralaýmaň" diýýän MHM, polisiýa işgärleriniň gözüne ilýär” diýip, Sapar aga aýtdy.

Degişli maglumat Lebapda ilata gurçukly un satyldy, Maryda et gymmatlady


Onuň pikiriçe, syýasy nadanlyk we ukypsyzlyk netijesinde, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleri gitdigiçe agyrlaşýar.

“Döwlet tarapyndan kömege, goldawa mätäç daýhanlar, telekeçiler, tersine, goşmaça basyşlara sezewar bolýarlar, netijede, ilatyň azyk üpjünçiliginiň hili peselip, gymmatçylygy ep-esli beýgelýär" diýip, daýhan Sapar aga sözüni jemledi.

Häkimiýetler 'başga dünýäde ýaşaýar'

Anonimlik şertinde gürleşen ýerli ykdysatçy ýurtdaky ýiti ykdysady krizisiň ulgamlaýyn häsiýete eýe bolup, ony çözmegiň häzir mümkin däldigini, sebäbi ýurt ýolbaşçylarynyň başga, "parallel dünýäde ýaşaýandygyny" öňe sürdi.

"Bärde bahalaryň galmagy, halkyň ykdysady işjeňliginiň peselmegi, telekeçileriň we işewürleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary hakynda näçe gürrüň etseň edibermeli, ýöne ýurtdaky umumy, ulgamlaýyn ykdysady krizisiň özeninde häkimiýetiň dolulygyna ýaşaýyşdan we durmuş reallygyndan üzňe bolmagy ýatyr” diýip, ol prezidentiň 29-njy awgustda geçiren hökümet maslahatynda getirilen ösüş sanlaryna hiç bir tankydy reaksiýa bildirmezligine ünsi çekýär.

Ykdysatçynyň pikiriçe, Berdimuhamedow kabinet agzalarynyň getirýän ösüş sanlaryna reaksiýa bildirip, "hany, ösüş bolsa, görkeziň, näme üçin Balkandaky gämi gurluşyk zawodynda ýekeje-de gämi ýasalmady, ýa-da Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumda hiç hili önümçilik ýok?" diýlen ýaly soraglary bermeli.

Sorag diýseň köp, ýöne döwlet ýolbaşçylaryndan hiç hili resmi jogap ýa-da garaýyş ýok, häkimiýetlerde aýdylýan gürrüňleriň edilýän işlere we gazanylýan netijelere gabat gelmegi barada resmi pozisiýa ýok diýip, ykdysatçy aýdýar.

29-njy awgustda geçirilen hökümet maslahatynda aýdylmagyna görä, Türkmenistan sekiz aýda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 386 sanysyny geçirdi, daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 1 müň 813 sanysyny gurady, şeýle-de, ýyl başyndan bäri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 117 resminama bilen ýetirildi.

Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly synçy çap edilýän ösüş sanlaryna ynanmaýandygyny, ýöne hökümetiň ol ýa-da beýleki görnüşdäki ýygnaklara ökdeländigini boýun alman bilmejekdigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.