Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gullukdaky iýmit ýeter-ýetmezçiligi esgerleriň otlap ýören mallary “ogurlamagyna getirýär”


Türkmenistanyş serhet zolaklarynyň birinde gulluk edýän esger (Arhiw suraty)
Türkmenistanyş serhet zolaklarynyň birinde gulluk edýän esger (Arhiw suraty)

Türkmenistanyň Owganystan bilen serhetýaka zolaklarynda çagyryş boýunça harby gullugyny berjaý edýän esgerleriň otlap ýören mallary ogurlamagy bilen bagly wakalar göz-görtele köpelýär.

Muňa Türkmenistanyň harby bölümlerindäki, hususan-da, türkmen-owgan serhedindäki esgerleriň iýmit şertleriniň pes bolmagy sebäp bolýar. Bu ýagdaýlar barada şu ýylyň tomsunda harby gullugyny tamamlap gelen esgerler we Lebap welaýat harby komissariatlygyndaky çeşme Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdiler.

“Serhetabatda gulluk edýän esgerler esasan türkmen-owgan serhedini bozup, şol töwereklere geçýän mallary ogurlaýarlar. Şeýle ýagdaýlar soňky aýlarda göz-görtele köpelýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Ol bu ýagdaýlardan harby ofiserleriň käbirleriniň hem habarlydygyny, ýöne olaryň ogurlanan mallardan öz paýyny almak üçin ogurlyk hadysalaryna göz ýumýandygyny hem aýtdy.

“Olar esgerlere haýbat atyp, maldan özlerine paý çykarmagy talap edýärler” diýip, çeşmämiz belledi.

Iýmit şertleriniň ýaramazlaşmagy

Ol esgerleriň bu ýagdaýlara baş goşmagyna harby gullukdaky iýmit şertleriniň aýdan-aýa diýen ýaramazlaşmagynyň sebäp bolýandygyny belleýär.

“2025-nji ýylyň tomusky çagyryş möwsüminden soň, Lebapdaky we Marydaky harby bölümleriň birnäçesinde esgerlere et we düzüminde protein saklaýan iýmit düýbünden berilmeýär. Guşgyda gulluk edýän esgerleriň güni elmydama-da agyr. Öň hiç bolmandan, goňşy döwletlerden satyn alynýan ýabany sygyryň ýa-da piliň doňdurylan etlerini berýärdiler. Häzir şol hem ýok. Esgerler, süýt, gatyk ýa-da soýa ýaly düzüminde protein saklaýan iýmiti birnäçe aýdan bäri görmeýärler” diýip, çeşme belledi.

Bu ýagdaýlary Mary welaýatynyň Owganystan bilen serhetleşýän Serhetabat etrabynda gulluk eden lebaply öňki esger hem tassyklap, ol özüniň gulluk eden harby bölümindäki reallyklar barada gürrüň berdi.

“Biz garnymyzy doýurmak üçin serhetýakada mal ogurlaýardyk ýa-da “samawolka” gidip, ýagny birugsat harby bölümiň daşyna gaçyp, ilatly punktda ogurlyk edýärdik. Kämahal daşda gezýän patrula düşäýsek, gübä düşmezlik üçin hem para berip sypýardyk” diýip, ýakynda gullukdan boşap gelen öňki esger anonimlik şertinde gürrüň berdi.

"Esgerler çlykdan ýaňa çöp ýaly inçe"

Ol munuň sebäbini bu sebitde gulluk edýän esgerlere berilýän iýmitiň juda azdygy we hiliniň örän pesdigi bilen düşündirýär.

“Gullukda açlyk bar diýseler, Guşgyda açlyk bardyr. Tomsuň yssysynda, günüň aşagynda serhedi goraýan esgerleriň sudury Demirgazyk Koreýanyň esgerlerini ýada salýar, açlykdan ýaňa çöp ýaly inçe we olarda güýç-kuwwat ýok. Şeýle esgerler serhedi nä derejede gorap biler belli däl” diýip, lebaply öňki esger aýtdy.

Harby çeşmämiz hem, Serhetabat harby gulluk nokadynyň milli howpsuzlyk nukdaýnazaryndan wajyp ýerdigini belläp, bu ýerdäki esgerleriň daşdan abanýan howpa garşylyk görkezip bilmek ukybynyň gös-göni olaryň saglyk ýagdaýyna baglydygyny nygtaýar.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Lebabyň we Marynyň degişli harby bölümlerinden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň şahsy düzümi iýmit we harby lybaslaryň ýetmezçiligi ýaly üpjünçilik we arassaçylyk meseleleri bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Gullukçylaryň durmuş üpjünçilik meseleleri barada Azatlyk yzygiderli habar berýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda harby resmileri öz çykyşlarynda goşundaky problemalary agzamaýarlar. Bu ýagdaýlar barada döwlet mediasynda hem hiç zat aýdylmaýar.

Türkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany hasaplanýar. Türkmenistanyň kanunçylygy çagyryşa degişli raýatlar üçin alternatiw raýat gullugy mümkinçiligini hödürlemeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG